JEMGYÝET

Türkmenistanyň gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna giriziler

Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa bu toparyň, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi.

Çykyşlarda hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň görkezmelerine hem-de tabşyryklaryna, toparyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda bellenilen wezipelere, ÝUNESKO bilen bilelikdäki hereketleriň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasyna laýyklykda alnyp barlan işler barada habar berildi.

Şu ýylyň başyndan bäri ÝUNESKO hem-de onuň sebitleýin düzüm bölümçeleri bilen köp sanly onlaýn duşuşyklar, webinarlar we geňeşmeler geçirildi. Olaryň dowamynda ylym hem-de bilim, medeniýet, ekologiýa babatda netijeli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garaldy. Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 13-14-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde bolup, TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işi barada milli toparlarynyň mejlislerine gatnaşdy. “Dünýä hatyrasy” atly halkara maksatnama boýunça gollanma hökmünde “Türkmenistan — ÝUNESKO: hatyralary bilelikde goralyň” atly monografiýa neşir edildi.

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda iýun aýynyň birinji ongünlüginde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler guraldy. Onuň çäklerinde “Şygryýet äleminiň öçmejek nury” atly maslahat geçirildi hem-de bu etrabyň dag gaýalarynda saklanyp galan ýazuw ýadygärliklerini “Dünýä hatyrasy” atly halkara sanawa girizmek maksady bilen, degişli işler içgin öwrenildi.

Häzirki wagtda ahalteke atçylyk sungatyny, atlary bezemegiň hem-de ýüpek önümçiliginiň däplerini we beýlekileri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegiň mümkinçiliklerine garalýar hem-de degişli resminamalary taýýarlamak meseleleri öwrenilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” maksatnamasynyň çäklerinde “Aram guşaklygyň Turan çölleri” atly ugur boýunça pikir alyşmalar boldy.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny açmak üçin degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň birnäçesini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär.

Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO-nyň täze klubunyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle birleşmäni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem döretmek meýilleşdirilýär.

Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak boýunça gazanylan netijeler we bu ugurda alnyp barylýan işler hakynda-da maglumatlar diňlenildi. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşulmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açjakdygy bellenildi. Ýurdumyz dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolan taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleri geljek nesiller üçin gorap saklamakda ägirt uly işleri alyp barýar. Bu Konwensiýanyň çäklerinde Türkmenistanyň milli topary tarapyndan Köýtendagyň daglyk ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizmek boýunça milli derejedäki maglumatlary taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Mejlisde bu transmilli ugur boýunça ýerine ýetirilen we geljekde edilmeli işler barada hasabat berildi.

Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen sport hem-de bedenterbiýe ugry boýunça hyzmatdaşlygyna we gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berdiler.

Mejlisde ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň iri düzümleýin bölümlerindäki ornuny pugtalandyrmak, onuň degişli Konwensiýasyna goşulmak, Ýewropa sebitinde ýokary bilim bilen baglanyşykly hünär derejelerini ykrar etmek, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalar we maglumatlary alyşmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek bilen bagly möhüm ugurlara hem garaldy.

 

 

Türkmenistan Koreýa Respublikasyna ilçi belledi

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň täze kitaby – “HAKYDA GÖWHERI”

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Wengriýada geçiriljek Aksakgallar geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Eýrana täze ilçi belledi

“Ýewraziýa” kino festiwaly başlady: türkmen kinosy görkeziler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy