JEMGYÝET

Şahbaz Şarif: Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Ol öz gutlagynda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändiklerini hem-de hyzmatdaşlygymyzy has ýokary derejä çykarmaga çalyşýandyklaryny belledi.

Şeýle hem Pakistanyň Hökümetiniň Baştutany türkmen halkynyň Milli Liderini şu ýylyň ahyrynda Yslamabatda mähirli mübäreklemek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny aýtdy.

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär: 

Şatlykly waka — ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Pakistan we Türkmenistan ýakyn doganlyk gatnaşyklaryny saklaýarlar. Şol gatnaşyklar taryhyň, medeniýetiň umumylygyna esaslanýar. Biz Siziň ýurduňyz bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de hyzmatdaşlygymyzy has ýokary derejä çykarmaga çalyşýarys. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, doganym jenap Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýylyň ahyrynda Yslamabatda mähirli mübäreklemek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri