JEMGYÝET

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna sabarsyzlyk bilen garaşýarys

Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Ol öz gutlag hatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa boljak saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi.

Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Hormatly Prezident!

Malaýziýanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de türkmen halkyna şanly waka — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek meniň üçin örän ýakymlydyr.

Siziň halkyňyzyň synmaz ruhy güýji hem-de tutanýerliligi ulag, bilim, ykdysadyýet ýaly ulgamlarda ösüş ugruny kesgitledi. Bu gazanylanlar ýurduňyzyň röwşen we parahat geljegi üpjün etmäge üýtgewsiz ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar.

Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, umumy gymmatlyklar, parahatçylygyň, abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda bilelikdäki tagallalara esaslanyp, ýyl-ýyldan pugtalanýar. Men Siziň Alyhezretiňiziň Malaýziýa boljak saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Ol ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam berer we hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açar.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistana mundan beýläk-de ösüş baradaky hoşniýetli arzuwlarymy kabul ediň!

 

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar