DÜNÝÄ

Demokratiýa we milli agzybirlik güni bellendi

Türkiýe Respublikasynda her ýylyň 15-nji iýulynda bellenilýän Demokratiýa we milli agzybirlik güni mynasybetli Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda çärä geçirildi.

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň medeniýet merkezinde geçirilen dabara ilçihananyň geňeşçisi we wagtlaýyn jogapkär wekili Gülşah Jumurju, ilçihananyň işgärleri we metbugat işgärleri gatnaşdy.

Dabarada edilen çykyşlarda Demokratiýa we Milli Agzybirlik gününiň ähmiýeti bellenilip geçildi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda surat sergisi guraldy.

Mundan başga-da, dabara gatnaşyjylara hödür-kerem edildi.

 

Türkmenistana gelende karantin düzgüni

Related posts

Bakan Yardımcısı Dursun: Türkiye İpek Yoluna Büyük Önem Vermektedir

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Suw sammitinde wideoýüzlenme bilen çykyş eder

Türkmenistanyň daşary işler ministri Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy bilen duşuşdy