DÜNÝÄ

Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň 5-si açyldy

Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalaryň açylyş dabaralary boldy.

Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň açylyş dabarasy boldy.

Jaýlaryň her birinde iki, üç we dört otagly, ýerleşdirilişi has gowulandyrylan 60 öý bolup, olar gurlanda ýokary hilli bezeg serişdeleri ulanyldy. Bu gün ýaşamak hem-de rahat dynç almak üçin ähli şertler döredilen, mebeller, döwrebap aşhana göz öňünde tutulan, amatly howa ýagdaýyny üpjün edýän ulgamlary bolan öýler gapylaryny giňden açdy. Abadanlaşdyrylan ýanaşyk çäklerde çagalar üçin oýun we sport meýdançalary gurlupdyr.

Ýaşaýjylar üçin amatly durmuş gurşawynyň döredilmegine bildirilýän ýokary talaplar täze binalaryň tapawutly aýratynlyklarydyr. Şeýlelikde, toplumlaýyn şähergurluşyk konsepsiýasy iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ol öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň oýlanyşykly peýdalanylmagyna, raýatlaryň doly derejeli dynç almaklary üçin aňrybaş şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Related posts

Aşgabatdaky Baş arça ― Merkezi Aziýada iň ulusy

vepa

Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi

vepa

ÝB-niň ýörite wekili Türkmenistana sapara geler