DÜNÝÄ

Rejep Taýyp Ärdogan: Türkmenistana saparymy amala aşyryp bolar

Türkmenistan özüniň baş baýramy – mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyny giňden belleýär. Şu günler hormatly Prezidentimize dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýolbaşçylalaryndan gutlag hatlary gelip gowuşýar. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Täýyp Ärdogan öz gutlagynda şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistana meýilleşdirilen sapary ýakyn geljekde amala aşyryp boljakdygyna umyt edýändigini belläp geçipdir.

Şeýle hem Türkiýäniň Prezidentiniň gutlagy şeýle beýän edilipdir:

Türk halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji günlerinden bäri depginli ösüşlere we jemgyýetiň abadançylygyna gönükdirilen taslamalary amala aşyrýan Türkmenistan Siziň Alyhezretiňiziň baştutanlygynda tutuş sebitiň gülläp ösüşine hem-de durnuklylygyna goşant goşýan uly mümkinçilikleriň merkezine öwrüldi.

Diliň, medeniýetiň, taryhyň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan biziň dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklarymyzyň ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, sebit we halkara derejesinde hem mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistana meýilleşdirilen sapary ýakyn geljekde amala aşyryp boljakdygyna umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňize, gadyrly doganyma berk jan saglyk, bagt we üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Türkçe okumak için

Recep Tayyip Erdoğan: Türkmenistan ziyaretim mümkün

Bulary hem okaň

Türkmenistan Garaşsyzlyk toýuny toýlaýar

Hormatly Prezidentimize ahalteke bedewi sowgat edildi

Garaşsyzlyk baýramy: Dabaraly harby ýöriş geçirildi

 

Türkmenistan’da Bağımsızlık Bayramı coşkusu

Şäherara awtobus gatnawlary haçan başlaýar?

Kanuny kim kabul edýär: Halk Maslahatymy ýa-da

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy