DÜNÝÄ

Aşgabatda ÝUNESKO-nyň halkara forumy geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky we Eýrandaky wekili Golda El Huri bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm meseleleri barada, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň anyk ugurlary boýunça netijeli pikir alyşdylar.

Hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan, bilim, ylym, medeni gatnaşyklar, ekologiýa we daşky gurşawy goramak pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga gönükdirilen, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda gol çekilen Çarçuwaly ylalaşygyň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Taraplar ýakyn wagtda geçiriljek bilelikdäki taslamalaryň we çäreleriň, hususan-da, indiki ýyl Aşgabatda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna girmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň geçirilmegi barada özara pikir alyşdylar.

Golda el Huri hem, öz gezeginde, ÝUNESKO-nyň türkmen halkynyň baý medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmekde Türkmenistana goldaw bermegini dowam etjekdigini tassyklady.

Related posts

Müsürde tapylan 2500 ýyllyk  tabytlar

Türkmenistan bilen Özbegistan durmuş goraglylygy pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

Tbiliside türkmen talyplary bilen duşuşyk

Leave a Comment