DÜNÝÄ

Türkmenistanda oba hojalyk boýunça täze wise-premýer bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda oba hojalyk hem-de söwda toplumyny has-da ösdürmäge degişli meselelere aýratyn üns berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Esenmyrat Orazgeldiýew işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk boýunça orunbasary wezipesine Annageldi Ýazmyradow bellendi.

Annageldi Ýazmyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Esenmyrat Orazgeldiýew Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň Türkmenistandan agzalygyndan boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Annageldi Ýazmyradow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy edilip bellendi.

 

 

Baş prokuror Atdaýew wise-premýer boldy

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy