DÜNÝÄ

BAE-niň Prezidenti aradan çykdy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Halifa bin Zaýed Al Nahaýan aradan çykdy. Bu barada ýurduň resmi habarlar gullugy (WAM) habar berýär.

BAE-niň Prezident işleri boýunça ministrligi BAE-niň halkyna, arap, yslam milletlerine we tutuş dünýä onuň Alyhezreti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýanyň aradan çykandygyny mälim etdi.

Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýan 2004-nji ýylyň 3-nji noýabrynda BAE-niň Prezidenti we Abu-Dabiniň dolandyryjysy wezipesine saýlanypdy.

1948-nji ýylda doglan Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýan BAE-niň ikinji Prezidenti we Abu-Dabi emirliginiň 16-njy dolandyryjysy wezipelerini alyp bardy. Ol Şeýh Zaýediň iň uly oglydyr.

Prezidentlige saýlanandan soň, Şeýh Halifa BAE-nyň raýatlarynyň we ýaşaýjylarynyň abadançylygyny esasy orunda goýup, deňagramly we durnukly ösüşi gazanmak üçin BAE hökümeti üçin ilkinji strategiki meýilnamasyny durmuşa geçirdi.

Şeýh Halifa nebitgaz pudagynyň we ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen üstünlikli ösdürilmegine goşant goşan döwlet ýolbaşçylarynyň biridir.

Taryhy we poeziýany gowy görýärdi. Ol laçyn guşy bilen aw awlamagy, balyk tutmagy, at we düýe ýaryşlaryny, futboly gowy görýärdi.

2010-njy ýylda açylan dünýäniň iň beýik binasy onuň hormatyna “Burj Halifa” diýlip atlandyrylypdy.

BAE-niň Prezident işleri boýunça ministrligi ýurtda 40 günlük ýas yglan etdi we ýurduň ähli ministrliklerinde, pudak edaralarynda, şeýle hem federal, ýerli we hususy guramalarda işler 3 gün togtadylýar.

 

Şa zenany iň uzak wagt tagtda oturan hökümdar

 

Ýene-de okaň

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi