DÜNÝÄ

Şa zenany iň uzak wagt tagtda oturan hökümdar

Beýik Britaniýanyň 96 ýaşly şa zenany Ýelizaweta II 70 ýyl 92 gün tagtda oturyp, dünýäniň iň uzak wagt tagtda oturan üçünji hökümdar boldy. Şa zenany 34 günden soň iň uzak wagt tagtda oturan ikinji hökümdar derejesini hem almagyna garaşylýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Tailandyň ozalky şasy Bhumibol Adulýadež dünýäde iň uzak wagt tagtda oturan hökümdardyr. Ol 1946-njy ýylyň oktýabr aýyndan tä 2016-njy ýylda aradan çykýança, ýagny 70 ýyl 126 gün Tailanda hökümdar boldy.

 

 

“Google Translate” düzümine 24 sany dil goşdy

Related posts

Tbiliside täze dokumental filmiň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türki Döwletleriň Guramasynyň hökümet baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi