DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ysraýyl Döwletiniň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistandaky Ysraýyl Döwletiniň täze bellenen Ilçisi hanym Bet-Iden Kaýt bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň başynda Ministr R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklary berkitmegiň, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, diplomatiki, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Abraýly sebit hem-de halkara guramalarynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi, şol sanda halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Bet-Iden Kaýt Türkmenistanyň Daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we diplomatik işiniň çygrynda Türkmenistanyň we Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny ynandyrdy.

 

Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-de saparda bolar

Ýene-de okaň

Donald Tramp 80 ýaşady

Türkmenistanda Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini dikeltmek işi dowam edýär

Türkmenistanyň ilçisi Filippinleriň Garaşsyzlyk gününiň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan Pekinde geçirilen Adam hukuklary ýokary derejeli foruma gatnaşdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahatyna gatnaşýar