SIZDEN GELENLER

Süýt we süýt önümleriniň peýdalary

Saglygyňy gorap saklamagyň iň möhüm şertleriniň biri hem dogry iýmitlenmekdir. Dogry iýmitlenmek immuniteti pugtalandyrýar. Dürli keselleriň öňüni almaga sagdyn we uzak ýaşamaga ýardam edýär.

 Dogry iýmitlenmek bedeni beloklar, ýaglar, uglewodlar, mineral duzlar, witaminler ýaly ýokumly maddalar bilen üpjün edýär. Bu ýokumly maddalar etde, balyk etinde, süýt we süýt önümlerinde, miwelerde, gök we bakja önümlerinde toplanandyr.

Süýt düzüminde ýaşaýyş üçin zerur bolan maddalaryň belli bir mukdaryny saklaýar. Süýtdäki D, A witamini we B witaminler topary gözüň görşüni gowulandyrmakda, saçlary, dyrnaklary, dişleri berkitmekde, bedeni daşky gurşawyň zyýanly täsirinden goramakda peýdalydyr.

Süýt durmuşymyzda, esasan-da, çagalar üçin örän zerurdyr. Süýdüň düzümi kalsiý ýokumyna örän baý bolup, ol çaganyň süňkleriniň berkemeginde hiç zat bilen çalşyp bolmajak önümdir. Bir bulgur süýtde beden üçin zerur bolan kalsiniň dörtden bir bölegi saklanýar. Çaga günüň dowamynda 2 bulgur süýt içende, ol bedenine zerur kalsiniň 75 göterimini kabul edýär. Şeýle-de süýt bedeni 60 göterim fosfor we B2, B12, A, D, С ýokumlar bilen üpjün edýär.

Süýt önümlerini, aýratyn-da, täze saglyp alnan çig süýdi içmek bedendäki zyýanly bakteriýalara güýçli täsir edýär. Ýöne düzümi barlanylman içilen çig süýt arkaly içege gurçuklarynyň hem bedene aralaşyp biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Çig süýt salmonellýoz, brusellýoz ýaly keselleriň ýokuşmagyna hem getirip biler.

Özüne mahsus bolan ysy we tagamy bilen tapawutlanýan hem-de derman hökmünde peýdalanylýan düýe çaly, süýdi we agarany ilatyň arasynda giňden ulanylýan arassa önümdir. Düýe çalynyň düzüminde köp mukdarda ýaglar, uglewodlar, kalsiý, magniý, fosfor, witaminler, ylaýta-da, С we A witaminler, kömür, ýod, süýt turşulary saklanýar.

Süýt bilen bir hatarda süýt önümleri hem peýdalydyr.

Gatyk iýmit siňdiriş ýollarynyň işini kadalaşdyrýar, aşgazan şiresiniň bölünip çykmagyna itergi berýär, işdäňi açýar, ganazlykda peýdaly. Onuň düzümindäki süýt turşusy mikroblara garşy täsire eýe bolup durýar. Gatyk içegäniň mikroflorasyny gowulandyrýan peýdaly bakteriýalara baýdyr.

Dorag süňkleriň we dişleriň emele gelmegine, pugtalanmagyna ýardam edýän, osteoporozdan goraýan, agyr metallaryň duzlaryny, toksiki maddalary bedenden daşary çykarýan, ganyň lagtalanmagyny işjeňleşdirýän, myşsalaryň ýygrylmagyny, pulsy, arterial gan basyşyny, iýmit siňdirişi kadalaşdyrýan, sowuklama, allergiýa garşy täsire eýe bolan kalsiý, kaliý, fosfor, magniý, sink, marganes, kremniý elementlerine, karotine, B witaminler toplumyna baýdyr.

Peýnir edil süýt önümleriniň beýleki görnüşleri ýaly, süňkleriň we dişleriň pugta bolmagyny üpjün etmek, kariesiň (diş çüýreme), osteoporozyň öňüni almak üçin zerur gerek bolan kalsiý, fosfor elementlerine baýdyr.

Sülgün Garajaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

Belarus –Türkmenistan ugry boýunça ýene-de bir gatnaw

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk