SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

16 aýdan soňra koronawirusdan halas boldy

1,5 ýyldan soňra koronawirus bilen baglanyşykly saglyk netijenamasy negatiw çykdy. Türkiýäniň raýaty koronawirus ýokanjy bilen kesellemekde rekord goýdy. Onuň bu ýokançlyk bilen keseli 16 aý dowam edip, iň uzak wagt koronawirus bolan adam boldy. Ol 1,5 ýyldan soňra maşgalasyna dolanyp bardy.

56 ýaşyndaky Muzaffer Kaýasanyň ýakynlary onuň bu howply ýokançdan halas bolmagyny gudrat hasaplaýarlar. Bu kesel döwründe ol 85 gezek synagdan geçmeli boldy. Immunitetiniň pesdigi sebäpli her gezek lukmançylyk barlagy položitel çykdy. Türk lukmanlaryň yhlasly zähmeti bilen ol bu howply ýokanjy ýeňmegi başardy.

– Gyz agtyjamgym 10 aýlyk we men ony ahyry gujaklamaga mümkinçilik aldym. Men duýgularymy beýan edip bilmeýärin. Ilki bilen, özüňi Alla ýakyn duýýaň, soňra seredip otyrsan, sen ýaşaýaň – diýip, Muzaffer Kaýasna öz duýgulary beýan etdi.

Umuman, ol birnäçe aý hassahanada galýar. Soňra bolsa, ýeke özi karantin ýagdaýynda bolýar. Maşgalasy bilen diňe onlaýn tertibinde habarlaşýar.

Muzaffer Kaýasan 2020-nji ýylyň 19-njy dekabrynda koronawirus ýokanjy bilen keselläpdi.

 

 

Belarus –Türkmenistan ugry boýunça ýene-de bir gatnaw

Ýene-de okaň

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy