SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Turkish Airlines» awiakompaniýasyň awiapetekleri bronlamagyň mümkinçiliklerini artdyrýar

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýolagçylaryna awiapetekleri bron etmegiň birnäçe amatly usulyny hödürleýär.

Adatça, köpçülikleýin belli bolan petek sargyt edilýän turkishairlines.com web sahypasyndan peýdalanmakdan başga-da, munuň üçin şu amallary ýerine ýetirip bilersiňiz:

«Turkish Airlines» mobil goşundysy arkaly. Bu mobil goşundyny smartfonyňyza ýa-da planşetiňize tölegsiz ýükläp alyň-da, awiapetekleri islän wagtyňyz we islendik ýerde bronlaň. Mobil goşundyny Google Play we AppStore internet dükanlaryndan ýükläp almak.

«Turkish Airlines» satuw ofislerinde. Türkmenistanda awiapetekleri şu salgydan bron edip bilersiňiz: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy.

ygtyýarly syýahatçylyk agentliklerinde. Awiapetekleri bronlamak üçin ygtybarly syýahatçylyk agentligine ýüz tutup bilersiňiz.

«Turkish Airlines» ýolagçylaryna hemişe iň ýokary derejeli hyzmatlary hödürlemäge çalyşýar. Bron etmegiň bu goşmaça mümkinçilikleri hem awiapetek satyn almak işini has aňsat we amatly etmegi maksat edinýär.

Türkiýäniň öňdebaryjy awiakompaniýasy bolan «Turkish Airlines» gatnawlary meýilleşdirmekde oňaýly şertleri döretmek bilen, Aşgabat — Stambul — Aşgabat gatnaw ugry boýunça hepdede 11 ýolagçy gatnawyny hödürleýär.

Telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33. Elektron poçtasynyň salgysy: askabatbıletsatıs@thy.com.

Ýene-de okaň

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy