Haýwanat dünýäsi dürli geň-taňlyklara baýdyr. Ýer şarynyň faunasynyň käbir geň wakalary bilen sizleri tanyşdyrmak isleýärin.
- Žirafalar suwsuzlyga düýeler ýaly çydamlydyr.
- Mawy reňki saýgaryp bilýän ýeke-täk guş baýguşdur.
- Ary ýarym kilogram bal ýygnamak üçin 2 million güle gonýar.
- Piller böküp bilmeýärler.
- Garagum sährasynda duş gelýän süýrenjileriň iň ulusy zemzendir. Uzynlygy 1,5 metre ýetýän bu haýwany «çöl krokodili» diýip hem atlandyrýarlar.
- Bürgüdiň gözi iki gabak bilen gurşalyp, birinji gabak onuň gözlerini howa akymlaryndan we daşky howplardan goraýar. Ikinji dykyz gabak bolsa oňa uklan wagtynda gözlerini ýummak üçin zerur.
- Hameleon bir wagtyň özünde bir gözi bilen öňüne, beýleki gözi bilen yzyna seredip bilýär.
- Syrtlan öz güýçli äňi we dişleri bilen pilden başga ähli haýwanlaryň süňküni owradyp bilýän ýeke-täk haýwandyr.
- Demirgazyk deňiz guşy bolan kaýra awunyň yzyndan kowup ýetmek üçin 180 metr çuňluga çenli çümmäge ukyplydyr.
- Gara garga şol bir adamy islendik eşikde hem tanamaga ukyplydyr.
- Gara ganatly kebelekler Günüň şöhlesiniň kömegi bilen bedenleriniň gyzgynlyk derejesini artdyryp, uçmaga goşmaça energiýa alýarlar.
Gurbanmyrat Gylyjow, TOHU-nyñ talyby.