DÜNÝÄJEMGYÝET

GDA-nyň synçylar topary saýlawlaryň guramaçylygyna ýokary baha berdi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar toparynyň ýolbaşçysy, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow Prezident saýlawlarynyň guramaçylygyna ýokary baha berdi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda geçirilýän Prezidenti saýlawlaryna GDA bilen bir hatarda Türki Döwletleriň Guramasy we beýleki halkara guramalaryň synçylar topary saýlawyň geçiriliş ýagdaýyna syn edýärler.

GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy Leonid Anfimow S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetindäki saýlaw uçastogynda daşary ýurtly žurnalistler bilen söhbetdeş boldy. Anfimow şol söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanda geçirilýän Prezident saýlawlarynyň demokratiýa, aç-açanlyk we saýlawçylaryň islegini beýan etmek şertlerinde geçirilýändigini belledi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow GDA-nyň synçylar toparynyň 2 hepdä golaý wagtdan bäri saýlaw bilen baglanyşykly çärelere gatnaşyp gelýändigini mälim etdi. Synçylaryň onlarça saýlaw uçastoklarynda bolandyklaryny, saýlaw möwsüminiň ýokary derejede gurnalandygyny, saýlawlaryň ýurduň saýlawçylarynyň ýokary raýat jogapkärçiligi esasynda geçirilýändigini belläp geçdi.
Şeýle hem ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlawlarda ses berýän pursatlarynyň şaýady bolandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň öz ejesine bolan mähirli hem-de mylaýym garaýşynyň özünde uly täsir galdyrandygyny belledi.
Mundan başga-da, Anfimow saýlawçylaryň baýramçylyk derejesinde geçirilýän saýlawlara gatnaşmagy we özüniň mynasyp gören dalaşgärine ses bermek üçin ähli şertleriň döredilendigini belledi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/prezident-saylawlary-fotosuratlarda-2/

Ýene-de okaň

Sara Rojers “Ata Watanyň” sowalyna jogap berdi: Türkmenistan bilen bilim hyzmatdaşlygy ösdüriler

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Azerbaýjan: diplomatik gatnaşyklara 34 ýyl doldy

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi