SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Moskwa-Aşgabat-Moskwa uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda habar berilýär.
Berilýän maglumatlara görä, şu ýylyň 14-nji martynda Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnawyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu ýörite gatnaw “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.
Bu uçar gatnawy üçin awiapetekleriň satuwy “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň 5 welaýatdaky edaralarynda satylýar.
* Aşgabat ş. Oguzhan şaýoly 211 (+99312 39-17-01)
* Mary ş, Magtymguly köç 11 (8 005 22 3-27-77)
* Türkmenabat ş, Magtymguly köç 80 (+993 422 3-92-10)
* Daşoguz ş, Ruhnama köç 100 (+993 322 9-00-58 / 9-12-21 / 9-20-20)
* Türkmenbaşy ş. Azadi köç 2 (+993 243 5-00-52)
Uçuş wagty – 00:40 (13-nji martdan 14-nji marta geçen gije).
Eger Siziň Russiýa Federasiýasyndaky soňky ugruňyz Moskwa şäher bolmadyk halatynda, “S7” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyndan tranzit awiapeteklerini satyn alyp bilersiňiz. (A.Nyýazow şaýoly 174, tel.: +993 12 21-05-93 / +993 64 03-37-03).
Mälim bolşy ýaly, Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça gatnaw 9-njy martda geçirilipdi. Şeýle hem Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy hem 9-njy martda Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyryp, 14-nji martda bolsa, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça meýilleşdirilýär.
Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy