SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Çilimi taşlamak üçin başlangyç

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 1,3 milliard adamy çilim çekmek endiginden halas etmek üçin täze başlangyjy öňe sürdi. Bu barada BSGG-niň baş direktory Tedros Gebreýesus habar berdi.

“Başlangyjyň maksady, 1,3 milliard çilimkeşiň erbet endiklerden dynmagyna kömek etmekden ybarat” diýip BSGG-niň ýolbaşçysy gürrüň berdi. Bu başlangyjyň çäklerinde adamlar zerur kömegi alyp bilerler. “Florens” sanly lukman taslamasynyň çäklerinde çilimi taşlamak üçin maslahatlar berler.

Tedros Gebreýesusyň aýtmagyna görä, her ýyl 8 million adam çilim zerarly aradan çykýar. Häzirki wagtda dünýäniň ençeme ýurdunda çilimkeşligi aradan aýyrmak üçin degişli işleri geçirýärler. Köpçülikleýin ýerlerde çilim çekmek gadagan edilýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 1988-nji ýyldan başlap, her ýyl 31-nji maýda Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni bellenýär. Temmäkä garşy göreşde möhüm üstünlikleri gazanan döwlet işgärlerine, alymlara we hünärmenlere sylaglar berilýär.

Related posts

Awstraliýa ― Täze Zelandiýa howa gatnawlarynda karantin gözegçiligi aradan aýryldy

Maşgala Bileleşigi wizasy üçin zerur resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň syýahatçylygy: Pekinde tanyşdyrylyş

Ata Watan Eserleri