SPORT

Bruno Fernandes Ronaldonyň yzyndan ýetdi

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň portugaliýaly futbolçysy Bruno Fernandes bassyr 2 aýdan bäri “Premier Ligada” aýyň futbolçysy saýlandy. Bu üstünligi bilen ol ildeşi Kristiano Ronaldonyň yzyndan ýetdi.

Bruno Fernandes iýun aýy boýunça aýyň futbolçysy boldy. Kristiano Ronaldo 2006-njy ýylda “Mançester Ýunaýted” toparynyň düzüminde çykyş edýän döwründe noýabr hem-de dekabr aýlarynda aýyň futbolçysy saýlanypdy.

Bruno Fernandes fewral aýynda hem aýyň futbolçysy bolupdy. Koronawirus sebäpli arakesme yglan edilenden soňra mart, aprel we maý aýlarynda aýyň futbolçysy baýragy hiç kime berilmedi.

Bruno Fernandes “Mançester Ýunaýted” toparynyň düzüminde 15 duşuşykda oýnap, 8 gezek tapawutlandy.

Related posts

Türk futbolçy “Barselona” toparyna geçmekçi

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň futbol çempionaty badalga aldy

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi