SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýadan Türkmenistan uçar gatnawlarynyň bahalary üýtgeýär

“Türkmenistan” awaikompaniýasynyň Russiýadan Türkmenistana amala aşyrýan uçar gatnawlarynyň awiapetekleriniň bahasy 30-njy noýabrydan başlap, täze tarif bilen satylyp başlandy. Bu barada awiakompaniýanyň Russiýadaky wekilhanasy habar berýär.

Gyş rejesine görä, Russiýada satylýan biletleriň bahasy Türkmenistanyň raýatlary üçin Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlaryna garanyňda başgaça bolar.

Biletleriň bahasynyň Kazan-Türkmenabat ugry boýunça beýleki ýurtlaryň raýatlaryna garanyňda, türkmen raýatlary üçin 10 müň rubl arzan bolýar.

Türkmenistanyň raýatlary bilet sargyt etmek üçin “A30/TM” tarifini, Rusiýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolsa “H30D/wekillik” tarifini saýlap almalydyr.

Biletiň bahasyny “turkmenistanairlines.ru” saýtyndan hem-de “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýanyň çäklerinde hereket edýän awaipetek satuw nokatlaryndan satyn alyp bilerler.

– Moskwa şäheri, Domodedowo howa menzili, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň kassasy.
– Kazan şäheri, Dekabristler köçesi, 85B, “Relita” BS 201 m. Kozýa Sloboda.
– Sankt-Peterburg şäheri, Alkesandr Newskiý şaýoly, 2-nji ýa, lit E 3-nji proýezd, 1-nji gat.

Related posts

«Türkmenhowaýollary» : Ýörite uçar gatnawlary dowam edýär

Ata Watan Eserleri

BSGG: Dünýä koronawirus sanjymyna azyndan 100 milliard dollar sarp etmeli

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň sanjymy hem taýýar bolýar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment