SPORT

“Instagram”: Messiniň abunaçylarynyň sany artdy

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň argentinaly ýyldyzy Lionel Messiniň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky abunaçylarynyň sany 300 milliondan geçdi.

– Biz 300 milliona ýetdik. Men ähli abunaçylarymy goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Siziň hemmäňizi gujaklaýaryn – diýip, Messi beýanat berdi.

Häzirki wagtda Messi fiziki şahslaryň arasynda “Instagram” jemgyýetçilik torundaky abunaçylarynyň sany boýunça 3-nji orunda durýar.

Bu ugurda Messi futbol meýdançasyndaky esasy bäsdeşi “Mançester Ýunaýted” toparynyň portugaliýaly ýyldyzy Kristiano Ronaldodan (395 million abunaçy) hem-de modaçy Kaýli Jennerden (306 million abunaçy) soň üçünji orunda darýar.

 

Awiabilet we uçuşleryň rejesi barada maglumatlar

Related posts

Messi 33 ýaşady

Huşundan gidip, çempion boldy

«Arkadag» topary AFK-2 Çempionlar ligasynda «Al-Ahli» bilen deňme-deň oýnady