SPORT

«Ahal» toparynyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Şu gün Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişlik dabarasynda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş edýän «Ahal» toparynyň garşydaşlary mälim boldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Geçirilen bije çekişligiň netijesinde “F” toparça düşen “Ahalyň” garşydaşlary «Şabab Al-Ahli Dubaý» (BAE), «Fulad Huzestan» (Eýran) hem-de «Al-Garafa» (Katar) toparlary bolar.

Çempionlar ligasynyň şu möwsüminde toparçalaryň onusy bolup, olaryň hersinde dört topar çykyş eder. Toparçalaýyn bäsleşigiň netijesinde öz toparçalaryny birinji orunda tamamlanlar hem-de iň gowy netije gazanan ikinji orunlary eýelän toparlaryň üçüsi ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanarlar.

 

Hytaýyň ilaty artdy

Related posts

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bellendi

Amerikanyň kompaniýasy “Milan” toparyny satyn aldy

Ata Watan Eserleri

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer