Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si we Mejlisiň kararlarynyň 14-si kabul edildi. Bu barada Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisindäki hasabatynda aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si we Mejlisiň kararlarynyň 14-si kabul edildi. “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” we “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Mejlisde daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 7-si kabul edildi.
Şeýle hem dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 37-si geçirildi.
Halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 93-sine gatnaşyldy. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 20-si amala aşyryldy.
