BIZNES

Birža täzelikleri: ECO-93 awtobenzini satyn alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen ýangyç mazudyny, ýol nebit bitumyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň göni arassalanan benzinini we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň düzümlerinde öndürilen ECO-93 awtobenzinini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine boýalan tüýjümek önümler, float list aýna ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy.

Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Owganystanyň täjirleri jemi bahasy 152 müň manatdan gowrak bolan el halylaryny satyn aldylar.

 

Täze ýyl günleri awtobuslaryň gatnaw wagty

Related posts

Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

Ata Watan Eserleri

Ulaglarda ätiýaçlandyryş işi kämilleşdiriler

Ata Watan Eserleri

Ban ki-moon BM Aşkabat temsilcileri daha heyecanlı çalışmaya davet etti

vepa