JEMGYÝET

Täze ýyl günleri awtobuslaryň gatnaw wagty

Mälim bolşy ýaly, ozal hem habar berşimize görä, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna boýunça Täze ýyl baýramçylyk günlerinde awtobuslaryň şäheriçi gatnawyndan mugt peýdalanylar.

Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan bildiriş çap edildi.

“Türkmenistan” gazetinde çap edilen bildirişe görä, Täze ýyl baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde jemgyýetçilik awtobuslarynyň şäheriçi ugurlar boýunça 2021-nji ýylyň 31-nji dekabrynda sagat 6:00-dan 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda sagat 2:00-a çenli hyzmat etjekdigi, şeýle hem 2021-nji ýylyň 31-nji dekabrynda we 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda tölegsiz ýolagçy gatnawlarynyň ýola goýuljakdygy raýatlaryň dykgatyna ýetirilýär.

 

 

Jenaýatlary derňemek üçin emeli intellekt: Sülçi ýaly işlär

Related posts

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ÝHHG-niň häzirki başlygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary

Türkmenavtoyolları Kurumu, İnşaat ve Mimarlık Bakanlığına Devredildi

vepa