TEHNOLOGIÝA

Jenaýatlary derňemek üçin emeli intellekt: Sülçi ýaly işlär

Hytaý döwletinde alymlaryň aýyplamalary barlamak üçin emeli intellekt ulanýan “sülçi” enjamyň üstünde işleýändigi mälim edildi. Gözlegçileriň pikiriçe, ulgam 97 göterim takyklyk bilen günäkärläp biler.

“Management Review” žurnalynda çap edilen makalada alymlaryň takyklygynyň 97 göterime ýetýän emeli intellektiň üstünde işlemegi dowam etdirýändigi aýdylýar.

Bu enjam, 2015-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli 17000-den gowrak hadysadan alnan maglumatlary ulanmak arkaly tälim aldy. Neşir edilen gözleglere görä, enjam Şanhaýda iň köp ýaýran sekiz jenaýat, şol sanda kredit karty galplygy, ogurlyk, dawa-jenjel ýaly jenaýatlarda dogry günäkärläp biler.

“South China Morning Post” (SCMP) emeli intellektual sülçiniň Hytaýyň iň uly we iň işjeň etrap prokuraturasy bolan Şanhaý Pudong Halk Prokuraturasy tarapyndan işlenip düzülendigini we synagdan geçirilendigini habar berdi.

Taslamanyň esasy hünärmeni Şi Ýonguň pikiriçe, ulgam sülçüleriň gündelik iş ýüküni göterip biler we has kyn meselelere ünsi jemläp biler. Şi we onuň topary, Hytaý Ylymlar akademiýasynyň uly maglumatlary we maglumat dolandyryş tejribehanasynda tehnologiýanyň ýakyn wagtda has az ýaýran jenaýatlary derňemek babatda synaglary amala aşyrar.

SCMP hytaý sülçüleriniň 2016-njy ýylda emeli intellekt ulanyp başlandygyny we köp aklawjynyň subutnamalaryň güýjüne, tussag ediliş şertlerine baha berýän we hatda şübheli adamyň näderejede howp salýandygyny öwrenýän “Ulgam 206” diýlip atlandyrylýan emeli intellekt guralyny ulanýandygyny aýtdy.

 

Serdar Azmun üçin ylalaşyk gazanylmady

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar