BILIM

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigi geçirilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigi geçirilýär.

Ýokary synp okuwçylary üçin niýetlenen bu bäsleşik 2 tapgyrda geçirilýär. Onuň birinji tapgyrynyň baş temasy «Oguz han eýýamy hem-de türkmen diplomatiýasynyň taryhy kökleri» barada boldy. Bäsleşigiň ikinji tapgyry «Parfiýa we Hun döwletleriniň diplomatiýasy hem-de diplomatik däpleri» temasy boýunça geçirilýär.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigiň I tapgyry Oguz han eýýamynyň ruhuna esaslanyp, Halkara gatnaşyklary institutynyň eýwanynda ýerleşdirilen ak öýüň içinde geçirildi. Ak öýüň içinde sekizburçly haly ýazylyp, onuň diwarlary Oguz hanyň 24 agtygynyň tagmasynyň, Pazyryk halysynyň şekili hem-de milli gymmatlyklarymyz bilen bezeldi.

Taslama meýilnamasyna laýyklykda, geljek ýylyň iýun aýyna çenli 8 sany esasy tapgyr geçirler. Bu tagyrlaryň netijesi boýunça, iki ýeňiji ýüze çykarylar. Soň bolsa olaryň gatnaşmagynda ýaryşyň ýeňijilerini anyklamak üçin döredilen IX we X tapgyrlar geçiriler.

 

Çerçesow täzeden tälimçi boldy

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa bilim hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Saady Şirazyny hatyralamak gününe bagyşlanyp goşgy bäsleşigi geçirildi

3000-den gowrak gazak talyby ABŞ-da bilim alýar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistan “THE Asia Universities Summit 2026” çäresine gatnaşýar

Aşgabatda Halkara hytaý dili güni bellendi

Ata Watan Eserleri