SPORT

Çerçesow täzeden tälimçi boldy

Russiýanyň milli ýygyndysyna tälim beren Stanislaw Çerçesow täzeden tälimçilige bellendi. Ol bu gezek Wengriýanyň “Ferenswaroş” toparynyň tälimçiline bellendi.
58 ýaşly hünärmen şertnamasynyň şertleri barada maglumat berilmedi.
“Ferenswaroş” topary Wengriýanyň çempionatynda 16 duşuşykda 35 utuk toplap, birinji orunda barýar.
Ozal “Ferenswaroş” toparyna ukrainaly hünärmen, “Dinamo Kiýew” toparynyň futbolçysy we tälimçisi Sergeý Rebrow bolupdy. ýöne ol şu ýylyň tomsunda bu topardan gitdi we BAE-de işe başlady.
Stanislaw Çerçesow 2016-nji ýylyň awgustyndan 2021-nji ýylyň iýulyna çenli Russiýanyň ýygyndysyna tälim berdi. Çerçesowyň ýolbaşçylygynda Russiýanyň milli ýygyndysy 2018-nji ýylda dünýä çempionatynda ýarym finala çenli bardy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/hytay-61-mlrd-dollarlyk-turkmen-gazyny-satyn-aldy/

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy