JEMGYÝET

Ebrahim Raisi: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyz üstünlikli ösdüriler

Eýran Yslam Respublikasynyň  Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Şol hatda Eýranyň Prezidenti öz ýurdunyň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny goldan ilkinji ýurtlaryň biri bolandygyny belleýär.

Bu hatda hususan-da şeýle diýilýär:

– Siziň Alyhezretiňizi hem-de türkmen halkyny doganlyk we dostlukly Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Eýran Yslam Respublikasy şol ýyllaryň dowamynda saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýerip gelýän Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny kabul etmek barada gelen kararyny dürli sebit we halkara forumlarynda goldan ilkinji ýurtlaryň biri boldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň dürli ugurlarda, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz täsirlerini ýok etmek babatda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. Oýlanyşykly çözgütler arkaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli giňeljekdigine ynanýaryn.

Bitaraplyk baýramyny biz Türkmenistanyň halky bilen bilelikde belleýäris.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk dileg edýärin.

 

Bosgunlar boýunça ýokary derejeli wekilleriň maslahaty geçiriler

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady