SPORT

“Time” žurnaly boýunça ýylyň türgeni

ABŞ-nyň meşhur “Time” žurnaly 2021-nji ýylyň türgenini mälim etdi. Bu derejä sport gimnastikasy boýunça 4 gezek Olimpiýa çempiony bolan Simona Baýlz saýlandy. Bu barada neşiriniň internet saýtynda bellenilýär.

Şu ýyl Tokioda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda bu meşhur amerikaly türgen psihiki näsazlyklary sebäpli sport gimnastikasynyň birnäçe ugurlary boýunça bäsleşikden çekildi. Ol sport gimnastikasynyň brewnonyň üstünde ýerine ýetirilýän maşklar boýunça bürünç medalyň, toparlaýyn ýaryşda bolsa kümüş medaly gazandy.

Amerikaly türgen şu wagta çenli Olimpiýa oýunlarynda 4 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medal gazandy. Şeýle hem ol sport gimnastikasy boýunça 19 gezek dünýä çempiony bolmagy başardy.

Ozal hem habar berlişi ýaly, “Time” žurnalynyň okywjylary boýunça ýylyň adamy diýen baýraga Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsoranu mynasyp bolupdy.

 

Dinozawrlaryň tizligi kesgitlendi

Related posts

Ýewropanyň Superkubogyny “Çelsi” gazandy

Türkmenistan dünýä çempionatynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň güýçli 20 tennisçisiniň 7-si Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaz

Ata Watan Eserleri