SPORT

Eýranly derwezeban Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Eýranly derwezeban Alireza Beýranwand ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. “IRNA” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, ol futbol topuny uzak aralyga zyňmak bilen meşhurdyr.

Onuň bu ukyby ahyrsoňy ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alnyp, onuň ady bu kitaba girizildi. Derwezeban Alireza Beýranwand futbol pökgüsini 61,25 metr uzaklyga zyňmak bilen rekord goýdy. Bu rekord resmi taýdan hasaba alyndy.

29 ýaşyndaky derwezeban Eýranyň futbol çempionatynda çykyş edýär. Geçen möwsümde ol “Antwerpen” toparynda çykyş eden bolsa, häzirki wagtda Portugaliýanyň “Boawiştu” toparyna geçdi. Derwezebanlar üçin uzak aralyga zyňmak gowy görkezijileriň biridir.

Ol Eýranyň milli ýygyndysynyň düzüminde hem çykyş edýär. 49 gezek ýygyndynyň düzüminde çykyş eden Alireza Beýranwand Russiýada geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda Portugaliýanyň dünýä ýyldyzy Kristiano Ronaldonyň 11 metrlik jerime urgusyndan depen pökgüsini saklap, uly abraý gazanypdy.

 

26-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda çykyşyny tamamlady

Ata Watan Eserleri

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý