DÜNÝÄ

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, şu ýylyň dekabr aýynda Maýamide geçiriljek G20 sammitine Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putini çagyrmagy meýilleşdirýär.

«Report» agentliginiň habar bermegine görä, bu barada «The Washington Post» gazeti ABŞ-nyň Döwlet departamentindäki çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, häzirlikçe Moskwa resmi çakylyk iberilmedi. Şol bir wagtyň özünde, çeşme Russiýanyň «Uly ýigrimiligiň» agzasy bolup galýandygyny we ministrler hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara gatnaşmaga çagyryljakdygyny belledi.

Trampyň Russiýanyň G20-niň ähli çärelerine gatnaşmagynyň “garşylanýandygyny” anyk mälim edendigini nygtady.

Mundan ozal, Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Pankin Moskwanyň G20 sammitine ýokary derejede gatnaşmaga çagyrylandygyny mälim edipdi. Onuň aýtmagyna görä, duşuşykda Russiýa tarapyndan kimiň wekilçilik etjekdigi sammitiň senesine golaý belli bolar.

G20 sammiti 14-15-nji dekabrda Florida ştatynyň Maýami şäherinde geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini dikeltmek işi dowam edýär

Türkmenistanyň ilçisi Filippinleriň Garaşsyzlyk gününiň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan Pekinde geçirilen Adam hukuklary ýokary derejeli foruma gatnaşdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ýaponiýada saparda boldy