BIZNES

Türkmenistan bilen Hytaý nebitgaz hyzmatdaşlygyny berkidýär

Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Energetika babatda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 7-nji mejlisi geçirildi.

Türkmen tarapyna “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika boýunça döwlet müdirliginiň başlygy Ç.Tzýanhua ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de mejlise iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Taraplar şu ýylyň maý aýynda geçirilen iki döwletiň Liderleriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik netijesinde nebitgaz ulgamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Öňki geçirilen mejlisleriň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine aýratyn üns çekildi, şeýle-de nebitgaz we gaz-himiýa pudaklarynda geljekki hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi. Hususan-da, türkmen tebigy gazyny Hytaýa eksport etmek bilen baglanyşykly meseleler babatda pikir alşyldy.

Mejlisiň çäklerinde söwdanyň göwrümini artdyrmak, gaz ýataklaryny özleşdirmek, önümçiligi artdyrmak we maliýeleşdirmek ugrunda gatnaşyklary giňeltmek boýunça toplumlaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.

Şeýle-de taraplar energetika pudagy, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryna ünsi çekdiler. Taraplar nebitgaz toplumyndaky ýakyndan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek babatda ylalaşdylar.

 

“Rönesans Holding” Türkmenistanda energetika we oba hojalygynda täze taslamalary amala aÅŸyrar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Azizi Group kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşygy

Türkmenistan-Awstriýa: Bitarap döwletleriň dostlukly hyzmatdaşlygy barha pugtalanýar

Türkiýede türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi dabaraly açyldy

Türkmenistan bilen Germaniýanyň «Horn Glass Industries AG» kompaniýasynyň arasynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistan bilen “KHD Humboldt Wedag” kompaniýasy ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan gazdan benzin öndürmek boýunça dünýä nusgalyk taslamanyň ikinji tapgyryny işe girizer