DÜNÝÄ

Türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisi geçiriler

Şu ýylyň 13-14-nji sentýabrynda Daşkent şäherinde geçiriljek söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky 16-njy mejlisine hem-de suw hojalygy meseleleri boýunça belikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde aýdylyp geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we Özbegistanyň birek-birege hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, netijeli söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belledi.

Ozal hem habar berlişine görä, häzirki wagtda türkmen-özbek hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykyp, birnäçe ugurlary öz içine alýar. Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde birnäçe ugurlar boýunça ikitaraplaýyn bähbitli ylalaşyklar gazanylar.

 

2022-nji üçin maýa goýum maksatnamasy taýýarlanar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar