DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Adalat we Galkynyş partiýasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Adalat we Galkynyş Partiýasynyň (AK Parti) Başlygynyň orunbasary Kürşat Zorlunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar özara hormat goýmak, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini bellediler.

Mundan başga-da, duşuşykda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan ýokary derejeli halkara forumyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu ýokary derejeli halkara forumyna Türkiýe Respublikasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy meselesi boýunça hem pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge hem-de özara gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassykladylar.

 

 

 

Ýene-de okaň

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar

«Ak şäherim Aşgabat» forumy: «Aşgabat 2045» strategik ugruna gönükdiriler

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyny belleýär