BIZNES

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Azizi Group kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Abu-Dabi şäherinde geçirilen ADIPEC-2025 sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň pawilýonynda Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow «Azizi Group» kompaniýalar toplumyna girýän «Azizi Developments» kompaniýasynyň amallar boýunça baş direktorynyň orunbasary Javed Ludin we «Azizi Energy» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we maýa goýum başlangyçlary barada pikir alyşdylar. G.Agajanow Türkmenistanyň halkara kompaniýalar bilen özara bähbitli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemişe açykdygyny we taýýardygyny nygtady.

Related posts

Türkiýäniň syýahatçylyk girdejisi ýokarlandy

Ata Watan Eserleri

6 aýda 68 milliard dollar girdeji gazandy

Ata Watan Eserleri

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň söwda dolanyşygy 90 milliard dollara ýetdi