BIZNES

Türkmenistan Ýaponiýadan awtoulag we tehnika satyn alar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýakyn günlerde Ýaponiýadan satyn alynjak «Toyota» kysymly awotulaglary hem-de «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalaryny maliýeleşdirmäge gatnaşar.

Täze tehnikalary satyn almak barada barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen Ýaponiýanyň  «Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Itoсhu Corporation» kompaniýasynyň arasynda degişli şertnamalar baglaşyldy.

Şertnamalarda awotoulag we ýer gazyjy tehniki serişdeleriniň ätiýaçlyk şaýlaryny hem satyn almak göz öňünde tutulýar.

Baglaşylan şertnamalar Niderlandlar Patyşalygynyň ING bankynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherindäki «ING-Diba AG» şahamçasyndan alynjak karz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdiriler. Munuň üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen ýokarda görkezilen bankyň şahamçasynyň arasynda iki karz ugrunyň taýýarlanmagy boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama Türkmen tarapyndan gol çekildi.

Çeşme:tfeb.gov.tm

Türkmenistandan Türkiýä gynanç

 

 

Ýene-de okaň

“Fitch Rating” Türkmenistanyň karz reýtingini ýokarlandyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-özbek haryt dolanyşygy 940 million dollara barabar boldy

Lebapda şaly borçnamasy berjaý edildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy