JEMGYÝETSPORT

Türkmenistan Tokio Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäheriniň 68 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy gurnaldy. Oňa Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Tomas Bah, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihida Suga we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Umuman, Olimpiýa stadionyndaky dabaralara koronawirus ýokanjy sebäpli çäklendirilen görnüşde 950 adma gatnaşdy. Türkmenistan döwletimizden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.

Şeýle hem Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň aýaly Jill Baýden, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, şeýle hem Polşanyň, Ermenistanyň, Kosowanyň Prezidentileri, Mongoloýanyň we Garadagyň hökümet baştutanlary hem gatnaşýar. Koronawirus ýokanjy sebäpli Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna 950 resmi wekiliýet gatnaşdyryldy.

Olimpiýa stadionyndaky dabarada Ýaponiýanyň milli senasy ýaňlandy we soňra dürli teatrlaşdyrylan çykyşlara tomaşa edildi.

Soňra Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan olimpiýa toparlarynyň ýörişleri başlandy. Däp bolşy ýaly, türgenleriň ýörişini Gresiýanyň milli ýygyndysy başlady. Soňra yzygiderlikde beýleki döwletleriň türgenleri stadiondaky myhmanlaryň öňünden geçdiler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem Tokionyň Olimpiýa stadionyndan Ýaşyl tugymyzy pasardadyp geçdi. Şu ýylky Olimpiýa oýunlarynda ýurtlaryň baýdaklaryny gender deňligine ünsi çekmek üçin erkek we zenan türgenler göterýär. Biziň Ýaşyl tugymyzy hem Merdan Ataýew bilen Gülbadam Babamuratowa göterdi.

XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyny Russiýanyň “1TV” teleýaýlymyndan göni ýaýlymda alnyp görkezildi.

 

 

 

Tokio Olimpiýa oýunlary: umumy maglumatlar we täze üstünlikler

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler