MEDENIÝET

Kann kinofestiwalynyň ýeňijisi yglan edildi  

«Garaňky hyýalbentlik» ususlynda surata düşürilen «Titan» atly film Kann kinofestiwalynda «Altyn palma» baýragyna mynasyp boldy. Filmiň režissýory Juliýa Dakurnaodyr.

Şeýlelikde, festiwalyň taryhynda ikinji gezek zenan režissýor baş baýraga mynasyp bolup gördi. Şu ýyl surata düşürilen filmde ulag heläkçiligini başdan geçiren bir zenanyň taryhy yzarlanylýar.

Aslynda, baýrak gowşurylyş dabarasyndan bir gün öň eminleriň ýolbaşçysy, amerikaly režissýor Spik Li baş baýragyň fransuz kärdeşine beriljekdigini agzyndan sypdyrypdy. Munuň üçin ol jemgyýetçilikden ötünç sorady.

Öňünden habarly bolan hem bolsa, režissýor baýraga mynasyp bolandygy yglan edilende, diýseň tolgundy. Çykyş edende bolsa ol: «Bu gije ýalňyşlyklaryna garamazdan, diýseň gowy gije boldy» diýdi.

Festiwalda filme berlen ýokary baha bilen bir hatarda, ol tankydy belliklerden hem halas bolup bilmedi.

Şeýlelikde, Kann festiwaly pandemiýa sebäpli çäklendirmelerden soňra geçirilen ilkinji iri festiwal boldy.

Olimpiýa oýunlary üçin çykdajy 15,4 mlrd $

 

 

Ýene-de okaň

«Mukam» skripkaçylar toparynyň Hytaýdaky üstünligi

Türkmenistan Koreýa Respublikasynda halkara festiwala gatnaşdy

Türkmenistanyň teatr işgärleri Russiýada tejribe alyş okuw hepdeligine gatnaşdy

Türkmenistanly ýaş şahyrlar TÜRKSOÝ-yň baýragyna mynasyp boldy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy üçin täze tehnikalar satyn alnar

Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri