BILIM

Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi: Talyp:2021

«TÜRKMENDEMIRÝOLLARY» AGENTLIGINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI DEMIR ÝOL ULAGLARY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk.
2. Ulaglarda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak.
3. Demir ýollarynyň gurluşygy, ýollar we ýol hojalygy.
4. Lokomotiw hojalygy.
5. Wagon hojalygy.
6. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
7. Kompýuter ulgamlary we toplumlary.
Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2,5 ýyl.
Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2021-nji ýylyň 12-nji iýuly
— 14-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman
senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy (Aşgabat şäherinden we Ahal welaýatyndan bolan dalaşgärler Aşgabat şäherindäki fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanadan, beýleki welaýatlardan bolan dalaşgärler bellenilen saglyk öýlerinden geçýärler);
— ýaşaýan ýeri boýunça neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkezinden kepilnama;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen
birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmendemirýollary» agentliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 17-si güni;
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 19-y güni;
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 21-i güni;
Mary welaýaty — awgust aýynyň 23-i güni;
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 25-i güni;
Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 27-si güni.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet
dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde
kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
«Türkmendemirýollary» agentliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta
hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2035-nji (Kemine) köçe, 84, tel.: 94-31-47.

 

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen ň ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň!

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi