Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan futbol boýunça Ýewropa çempionaty başlady. Düýn gije 00:00-da ilkinji duşuşyk geçirildi. “A” toparda çykyş edýän Italiýanyň milli ýygyndysy Türkiýäniň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy.
ITALIÝADAN TARYHY REKORD
Şeýlelikde, Italiýanyň milli ýygyndysy 2018-nji ýylyň 10-njy sentýabryndan bäri, resmi hem-de ýoldaşlyk duşuşyklarynda bassyr 28 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. Bu ýurduň taryhyndkay täze bir rekorddyr. Bu döwürde italiýanyň milli ýygyndysy 23 duşuşykda ýeňiş gaznayp, 5 duşuşykda bolsa deňme-deň oýnady. Şol duşuşyklarda 77 gezek tapawutlandy we öz derwezesine bolsa bary-ýogy 7 gol geçirtdi.
Ýewropa çempionatyna gaýdyp gelenimizde, ilkinji duşuşykda ýeňiş gazanan Italiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 66-njy minutda Insinýe we 79-njy minutda Immobile tapawutlandy. Ýene-de bir gol bolsa duşuşygyň 53-nji minutynda Tükriýäniň milli ýygyndysynda Melih Demiral öz derwezesine geçirdi.
70 müň tomaşaçylyk stadiona koronawirus ýokanjy sebäpli 16 müň janköýer kabul edildi. Bu duşuşygyň 4-nji emini fransiýaly Stefaniýe Frappart Ýewropa çempionatynyň ilkinji zenan emini boldy.
AÇYLYŞ DABARASY HEM GEÇIRILDI
Şeýlelikde, “A” toparyndaky we Ýewropa çempionatyndaky ilkinji duşuşyk geçirildi. Duşuşykdan ozal, Ýewropa çempionatynyň açylyş dabarays geçirildi. Rimdäki “Stadio Olimpiko” stadionynda şüweleň gurnaldy we Italiýanyň meşhur tenorlary çykyş etdi.
Açylyş dabarasy asmana atylan feýerwerkler bilen tamamlandy.