SPORT

“Beşiktaş” Türkiýäniň kubogyny eýeledi

Birnäçe gün mundan ozal Türkiýäniň futbol boýunça çempiony bolan “Beşiktaş” topary bu gezek ýurduň kubogy ugrundaky ýaryşda hem ýeňiş gazanyp, Türkiýäniň Kubogyny gazandy.

“Ziraat Türkiýe” kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň finalynda “Beşiktaş” topary bilen “Fraport TAV Antalýaspor” toparlary duşuşdy. Duşuşykda “Beşiktaş” topary 2:0 hasabynda ýeňdi.

“Beşiktaş” topary bu arzyly kubogyň ýaryşlarynda 16 gezke finala çykdy we 10 gezek kubogy gazanmagy başardy.

Sergen Ýalçyn “Beşiktaş” toparynyň taryhynda şol bir möwsümde hem çempionatda çempion bolan hem-de Tükriýäniň kubogyny gazanan 3-nji tälimçi boldy. Mundann ozal, Gordon Milne (1989/90) we Mustafa Denizli (2008/09) şeýle üstünligi gazanypdy.

Türkiýäniň Kubogyny iň köp gazanan topar “Galatasaraý” toparydyr. Toparyň muzeýinde 18 kubok bardyr.

 

Tatarystanyň Prezidentine türkmen alabaýy sowgat edildi

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy