SIZDEN GELENLER

Ýoldaky päsgelçilikler

 

      (Kyssa)

      Durmuş gulaçlap ýüzübermeli ummana meňzeýär. Emma ýüzmäni başarmaýan kişiler üçin bolsa gark bolmak howpuny, howsalasyny döredýär. Aslyýetinde durmuş giň düşünje. Şol sebäpli durmuşa herkimiň öz garaýşy, öz düşünjesi, öz dünýäsi bar. Ýeri gelende şu ýerde durmuşa bolan garaýşymyz hakda bir kyssany size ýetirmekçi.

Bir soltan şäheriň daşynda örän kaşaň bir köşk saldyrypdyr. Köşgüň açylyşyna ähli halk çagyrylypdyr. Şäheriň daşynda ýerleşýän bu köşge barýan ýekeje ýol barmyşyn. Hökümdar bu ýoluň ortasynda äpet bir daş bölegini goýdurypdyr. Özü-de ýola tarap bakdyrylyp goýlan penjiresinden gelýän adamlaryň bu daşyň deňine ýetende özlerini nähili alyp baryşlaryny synlap oturanmyş.

Ülkäniň iň baý täjirleri, iň täsirli begzadalary, döwlet emeldarlary yzly-yzyna gelip başlaýar. Ählisi-de, hernäçe kyn hem bolsa, uly daş böleginiň daşyndan aýlanyp, köşge girýär. Birnäçesi sesini gataldyp, hökümdary tankyt edýär: Birgiden salgyt ýygnaýar, ýöne muňa garamazdan, şäheriň şeýle möhüm ýoluny arassa tutmagy başarmaýar, beýle-de bir hökümdar bolarmy?!

Ahyr soňy, agşamara bir daýhan gelýär. Gaýanyň deňesine ýetende bir salymlyk kürtdürip durýar. Soňra-da, arkasyndaky goşhaltasyny gapdala goýup, iki eli bilen daş bölegini ýoluň gyrasyna itmäge başlaýar. Emma gaýa bölegi örän uludy.

Daýhan töweregine garanjaklap, syrdam bir agaç bölegini tapýar. Şonuň bilen, gara dere batyp, ahyr soňy äpet daşy ýoluň ortasyndan aýyrmagy başarýar. Ýaňy bir goşhaltasyny alyp ugraberjek bolanda, daşyň öňki duran ýerinde bir haltajyga göze düşýär. Haltajygyň içi tylladan doly bolup, şeýle-de bir bölejik kagyz bar eken. Hökümdaryň möhüri goýlan kagyzda şular ýazylypdyr:

“Bu altynlar daşy ýoldan aýran adamyňkydyr.”

* * *

Aslyýetinde, ýolumyzdaky päsgelçiliklere, durmuş derejämizi has gowulandyrjak pursatlar hökmünde garamalydyrys.

Unutmalyň, iň oňat ýolagçy, yzdan gelýänler üçin ýoldaky päsgelçilikleri aýyrýan, büdür-südürleri arçaýan kişidir.

Geliň özümize şu sowaly bereliň: “Durmuş” atly ýolda ýöreýärkäk, yzymyzdan gelýänler has rahat geçer ýaly ýoly päsgelçiliklerden arassalamagy başarýarysmy ýa-da päsgelçilikleriň sanyny has artdyrýarysmy?

 

Toplan: Leýli Täjibaýewa. Daşoguz welaýaty.

 

Dünýäniň iň baý adamy aýaly bilen aýrylyşýar

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti