DÜNÝÄ

Germaniýada Türkmenistan şygarly awtobuslar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Hessen federal ýeriniň paýtagty bolan Wisbaden şäherinde hereket edýän awtobuslarda Türkmenistanda 2021-nji ýylyň şygary ýerleşdirilen ýazgylar, şeýle-de «www. neutrality. gov. tm» internet-saýta girmäge kömek edýän bannerler ýerleşdirilen.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň saýtyndaky habara görä, Bannerler ýerleşdirilen awtobuslar Germaniýanyň iň owadan şäherleriniň biri bolan Wisbaden şäherinde 2021-nji ýylyň aprel-maý aýlarynyň dowamynda hereket eder.

Şeýdip, Wisbadeniň ýerli ýaşaýjylary we myhmanlary ýurdumyzyň şanly seneleri bilen habarly bolup bilerler.

Telekeçilere “eBay hаb” arkaly eksport mümkinçiligi

Related posts

Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidanyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Olaf Şolz Merkezi Aziýanyň Prezidentleri bilen duşuşar

Germaniýadan Türkmenistana poçta hyzmaty ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri