BILIM

Açyk gapylar: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2021-2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin şu ýylyň 5-nji we 12-nji maýynda sagat 15:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryňguralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar, internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyňçykyşlary, sport toplumynyňişi, talyplaryňýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Baba Annanow köçesiniň 136-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 28-18-53, 28-18-05.

 

Açyk Gapylar güni: Ähli okuw mekdepleri

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi