SPORT

“Bundesliga” karantin edilýär

Germaniýanyň milli futbol çempionaty “Bundesliga” hem-de 2-nji liga bolan “Bundesliga 2” 12-nji maýdan karantin edilýär. Germaniýanyň Futbol federasiýasy çempionatyň ahyrlap barýandygyny göz öňünde tutup, koronawirus ýokanjy babatda täze karar kabul etdi.

“Kicker” sport žurnalynyň berýän maglumatyna görä, Federasiýa 12-nji maýdna başlap, “Bundesliga” hem-de 2-nji liga bolan “Bundesliga 2” çempionatynda çykyş edýän toparlaryň karantin çärelerine tabyn boljakdygyny belledi. Karantin çäreleri möwsümiň ahyryna çenli dowam edýär. Ýurtda futbol möwsümi 22-23-nji maýda tamamlanýar.

Bu möwsümde koronawirus ýokanjy zerarly köp snaly futbol duşuşyklary yza süýşürildi. Federasiýa çempionatyň soňky hepdelerinde bu ýagdaýyň öňüne almak maksady bilen karantin etmek kararyna geldi.

Messiniň nobatdaky rekordy

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder

Türkmen türgeni 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy

Boks gijesi: Entoni Joşua bloger Jeýk Poly ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Messi bilen Ýamal duşuşar

Türkmenistanly zenan emin halkara ýaryşynyň finalynda eminlik etdi

“PSŽ” topary Yklymara kubogyny gazandy