SPORT

“Time” žurnaly: Messi ýylyň türgeni

Amerikanyň “Time” žurnaly Lionel Messini 2023-nji ýylyň türgeni hökmünde saýlady. Şu ýylyň iýunynda argentin hüjümçi Fransiýanyň “PSŽ” topary bilen şertnamasynyň möhletini tamamlap, Amerikanyň “Inter Maýami” toparyna geçdi.

Ol ABŞ-a gelenden soňra bu ýurduň futbol çempionatynda 7 duşuşykda 10 gezek tapawutlandy.

Şeýle hem Messi 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda Argentinanyň milli ýygyndysy bilen çempion bolup, arzuwyna ýetipdi.

Messi ABŞ-da hem sport muşdaklarynyň futbola bolan gyzyklanmasynyň artmagyna sebäp boldy. Ol Lebron Jeýms, Kim Kardaşýan ýaly dünýä belli ýyldyzlaryň futbola üns bermegine mümkinçilik döretdi. Şeýle ýyldyzlar stadionlarda baryp, futbol duşuşyklaryna tomaşa etdiler.

Messi futbol taryhynyň öňdebaryjy futbolçysydyr. Ol sekiz gezek “Altyn pökgi” baýragyna mynasyp boldy. Bu rekord görkezijidir. Ol Argentinanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony boldy, Amerikanyň kubogyny gazandy.

Related posts

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Winisius transfer rekordyny goýup biler

Ýewro 2020: 14-nji iýunyň duşuşyklary