SPORT

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze aýlawyna badalga berler

2-nji oktýabrda  ýurdumyzyň 28-nji futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna badalga beriljekdigi baradaky habar Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Dört aýlawdan ybarat boljak futbol çempionatynda toparlaryň sekizisi ýagny “Altyn Asyr”, “Ahal”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Energetik”, “Merw”, “Köpetdag” toparlarynyň çykyş edýändigini mälim edildi.

Geçirilen 14 tapgyrdan soň 33 utuk toplan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary birinji orny “Ahal” 31 utuk bilen ikinji orny “Şagadam” 22 utuk bilen üçünji orny eýeleýär.

Çempionat «Köpetdag» — «Energetik» we «Şagadam» — «Aşgabat» toparlarynyň duşuşmagynda 2-nji oktýabrda başlar. Çempionatyň bu tapgyry 28-nji oktýabryna çenli dowam eder.

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

Related posts

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Suw sportlary boýunça dünýä çempionaty

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionaty: ABŞ-nyň ýygyndysy rekord bilen başlady