SIZDEN GELENLER

Döwrebap we elýeterli taksi hyzmatlary

                  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň durmuşa geçirýän irginsiz zähmeti netijesinde ýurdumyzyň birnäçe edaradyr-kärhanalary halkara derejesindäki abraýa we ýokary üstünliklere beslenýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ulag-logistika ulgamyna berilýän üns, onuň abraýyny has hem belende götermeklige hem-de ony döwrebap sanly ykdysady ýol bilen ösdürmeklige uly itergi berýär. Şeýlelik bilen biz ulag-kommunikasiýa ulgamynyň kämilleşmegine özüniň uly goşandyny goşýan «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde myhmançylykda bolmagy makul bildik we kärhananyň «Ulag-ulanyş» bölüminiň baş hünärmeni Adylmuhammet KELOW bilen söhbetdeşlik guradyk.
Adylmuhammet, biziň ýurdumyzyň ulag ulgamyny kämilleşdirmäge we jemgyýetimize ýeňil gatnawlary amala aşyrmakda uly mümkinçilikleri döredýän «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän ulag hyzmaty barada gürrüň beräýseňiz!
      –– «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti milli Liderimiziň kararynyň esasynda döredilip biziň jemgyýetimiziň ýeňillik bilen awtoulaglardan peýdalanmaklaryny göz öňüne tutup birnäçe ulag hyzmatlaryny amala aşyrýar. Kärhana 7 sany: Ulag-ulanyş bölümi, Sanly tehnologiýalar bölümi, Işgärler bölümi we hukuk bölümi, Ykdysadyýet bölümi, Hasabat bölümi, Bejeriş bölümi we Önümçilik tehniki bölümlerini özünde jemläp, bu ýerde jemi 1455-e barabar adam zähmet çekýär. Awtoulaglaryň sürüjileriniň jemi sany 155. Kärhanamyzyň hasabynda duran jemgyýetçilik awtoulaglaryň sany jemi 731 bolup, onuň 440-sy ýeňil taksilerden, 71-i kiçi we 220-si uly awtobuslardan ybaratdyr. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde dürli kysymdaky ýeňil taksilerıň we awtobuslaryň hereket etmegi halkara gatnaşyklarynda goňşy ýurtlar bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň has hem giňeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda şäheriçi ugurlar boýunça “Toyota Hiace”, “Wolkswagen”, “Hyundai Super New Aero City”, “Iran Hodro O457”, “PAZ – 32054” kysymly awtobuslar, şäherýaka ugurlar boýunça “Hyundai Super New Aero Сity”, “Iran Hodro O 457”, “PAZ – 32054”, “Toyota Hiace”, “Wolkswagen” kysymly ulaglar hereket edýär. Awtoulaglar ýörite düzülen meýilnamalar boýunça hereket edýär. Meýilnama boýunça ýeňil taksi awtoulaglarynyň hereketi üç çalşykda alnyp barylýar we birinji çalşygyň işe çykyş sagady 04:30-dan 13:30-a , ikinji çalşygyň işe çykyş sagady 14:00-dan 23:00-a we üçünji çalşygyň işe çykyş sagady 21:00-dan, 06:00-a çenli alnyp barylýar. Her bir ýeňil taksi awtoulaglaryň meýilnama  boýunça umumy iş wagty 8 sagat bolup her 1 sagatda geçýän ýoly 33 km barabardyr. Şäherara gatnaýan awtobuslardan peýdalanmakda hem ýeňil şertler döredilen, ýagny ýörite petekleriň tölegleri nagt we nagt däl görnüşlerde geçirmeklik ýola goýlan.
–– Diýmek, taksilerden peýdalanmakda ýeňil şertler döredilipdir?!
––
Hawa, döwlet Baştutanymyzyň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» esaslanyp «Awtomobil ulag hyzmaty » açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän ulag hyzmatynyň medeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen döwrebap sanly ulgamdan ugur alýar. Müşderiler taksi hyzmatyndan peýdalanan wagtynda tölegleri nagt däl görnüşde amala aşyrmak üçin taksi awtoulaglaryň 380 sanysynda ýörite töleg terminaly ornaşdyrylan.  Bilşimiz ýaly häzirki wagtda jemgyýetimiz ýeňil taksileri tiz we ýeňil sargyt etmekdäki islegleri artýar we şol islegleri nazara alyp internet arkaly tiz we ynamdar sargyt esasynda ýeňil taksi awtoulaglaryndan peýdalanmak üçin sanly tehnologiýalarynyň üsti bilen işleýän ýörite öýjükli telefonlar arkaly hyzmat edýän “TAXI” programmasy döredilen. Bu programma ähli taksi ulaglara ýerleşdirilen planşetleriň üsti bilen hyzmat edýär. Mundan başga-da Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda satyn alnan  2017-nji ýylda öndürilen “Toyota-Corolla” kysymly ýeňil taksi awtoulaglaryň 200 sanysynda 2019-njy ýylda öndürilen “Toyota-Corolla” kysymly ýeňil taksi awtoulaglaryň 70-sinde, şol sanda 2017-nji ýylda öndürilen “Ýutong ZK 6729D” kysymly awtobusyň 50 sanysynda hem-de  “Ýutong ZK 6122H9” kysymly  awtobusyň 40 sanysynda – GPS enjamy ornaşdyrylan.   
––  Hawa, biziň bilşimiz ýaly kärhanaňyz tarapyndan ýerine ýetirilýän ulag     hyzmatlar, siz hünärmenleriň tutanýerli zähmetleri netijesinde halkara abraýlara eýe bolýar. Indi söhbetdeşligimiziň ahyrynda ulag ulgamyny ösdürmekde öňde goýan maksatlaryňyz babatda gürrüň beräýseňiz.
––
Elbetde, biz “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri bolup geljekde sanly ulgam arkaly şäherara ugurlarda taksi hyzmatlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýäris. Bize şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.      
––
Adylmuhammet gyzykly we täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Sözümiň ahyrynda size jan saglyk, işiňizde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny tüýs ýüregimden arzuw edýärin.
–– Sag boluň.
                                                      

 

Söhbetdeş bolan:  Merjen JUMAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ahyrsoňy öz uçuşyny amala aşyrdy

 

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk