Günlerde bir gün dükanyň satyjysy tekjesiniň üstjagyzyna “Kiçijek güjüjekleriň satylýandygy” duýurmak üçin görkeziji ýazgy tagtajygyny goýýar. Satyjy şol ýazgyny goýan badyna hem dükanyň içinde kiçijek oglanjyk peýda bolýar. Ol oglanjyk satyjynyň ýüzüne seretdi-de güjüjekleriň bahasynyň näçedigini sorady. Satyjy hem oglanjyga seredip, ol güjüjekleriň bahasynyň 25 dollar bolýandygyny aýdypdyr. Oglanjyk elini jübisine saldy. Jübüsindäki barja pullaryny çykaryp görse, 7 dollar 35 sentdi. Satyjy oglanjyga özündäki bar bolan güjüjeklerini görkezmek üçin batly sykylyk çaldy. Şol bada hem Leýdi atly bir tokarja güjüjek dükanyň içindäki külbejiginden çykyp olara tarap ylgap başlady. Onuň yzyndan galmajak bolup 5 sany kiçijek ýüň ýumagyna garyşan güjüjekler hem ylgaýardylar. Ylgap gelýänje güjük çagalarynyň biri agsaklap beýlekilerden has yza galypdy. Onuň beýle yza galmagy bolsa, kiçijek oglanjygyň ünsüni derrew özüne çekipdi. Oglanjyk: “Ol güjüjege näme boldy? Näme üçin agsaklaýar?” diýip satyjydan soraýar. Satyjy bolsa oňa bakyp: “Seniň şol görýän güjüjegiň gapyrgasynda bir süňki döwük, elmydama şeýle agsaklaýar” diýip aýdypdyr.
Kiçijek oglanjyk duran ýerinden onuň ýagdaýynyň şeýledigine düşünip, şol bir wagtyň özünde hiç hili pikirlenmän ol güjüjegi özüne satyn almak isleýändigini aýdýar. Satyjy bolsa oglanjyga: “Hakykatdanam sen ony almak isleýärsiňmi? Egerde sen şol güjüjegi çyndanam isleýän bolsaň men ony saňa mugt hem berip bilerin” diýip aýdypdyr. Oglanjyk gaharly ýagdaýda satyjynyň ýanyna baryp: “Men sizden bu güjüjegiňizi mugt bermegiňizi islämok. Bu güjüjek hem edil beýleki ylgap ýören güjüjekleriňiz ýaly gymmatly. Goý, onuň bahasy näçe bolsa bolsun, men tölärin. Ine 7 dollar 35 sent alyň. Üstüniň galan puluny hem tiz wagtdan getirerin” diýýär. Satyjy oglanjygyň bu hereketine geň galyp seredip: “Sen bu agsak güjüjegi satyn alyp näme etjek? Ol hiç wagt beýleki güjüjekler ýaly ylgap hem-de oýnap bilmez” diýip sözüni tamamlamaka kiçijik oglanjyk onuň sözüni bölüp, şol duranja ýerinden gözüne ýaş aýlap balagynyň ujuny ýokaryk galdyryp satyja 2 polat daňylan egri duran çep aýajygyny görkezdi. Özüniň hem deňduşlary ýaly ylgap bilmeýändigini gynanç bilen aýtdy. Bu güjüjegiň hem ýagdaýyna kimdir biriniň düşünmelidigini hem-de söýgä mätäçdigini aýdypdyr.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.